SPORT WE SYÝAHAT

Lala Şöhradowa zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň çempiony boldy

 Küşt boýunça aýal-gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň ýokary ligasynda çykyş eden Lebap wealýatynyň Dänew etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Lala Şöhradowa uly üstünlik gazandy. Ol iň güýçli küştçi zenanlaryň on dördüsiniň arasynda öňe saýlanyp, ilkinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy. FIDE-niň ussady oýnan döwleriniň 13-sinde jemi 10,5 utuk gazandy. Çempionatda ikinji we üçünji orunlary Aşgabat şäherinden Merýem Agajanowa (10 utuk) we Ogulsuraý Baýrambaýewa (9 utuk) eýelediler.

Lala mundan ozal bu ýaryşa iki sapar gatnaşyp, iki gezek hem ikinji orun bilen oňuşmaly bolupdy. Onuň üçünji synanyşygy örän şowly tamamlandy. Ýokary ligada ilkinji gezek Lalanyň dogany Leýla Şöhradowa hem çykyş etdi we bäşinji orna mynasyp boldy. Şonda ol 8 utuk toplady. Munuň özi bolsa Leýlanyň baýrakly orunlary eýelän bäsdeşlerinden sähelçe yza galandygyndan habar berýär. Şeýle-de, bolsa onuň çykyşyny şowly hasaplamak bolar.

Doganlar häzirki günlerde 18 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda geçiriljek Türkmenistanyň birinjiligine gatnaşmaga taýýarlyk görýärler. Lala bolsa ýurdumyzyň çempiony hökmünde erkekleriň arasynda şu aýyň aýagynda başlanjak ýokary ligada hem çykyş eder. Zenanlaryň arasynda geçen çempionatda başky bäşlige düşen küştçüler  halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga-da hukuk gazandylar. Olaryň arasynda doganlar Şöhradowalar hem bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: