YKDYSADYÝET

Çärjew etraby azyk önümlerini öndürmekde öňbaşçylyk edýär

Lebap welaýatynda bu iri etrapda üstümizdäki ýylyň ýanwar aýynda etiň 2,1 müň tonnadan gowragy, süýdüň 5750 tonna golaýy, ýumurtganyň hem 4,1 milliondan gowragy öndürildi we geçen ýylyň deňeşdirilýän döwrüne görä degişlilikde 2,6 göterim, 0,6 göterim, 7,5 göterim artyş depgini üpjün edildi. Gazanylan üstünlikde hususy önüm öndürijileriň paýy has uludyr. Häzirki wagtda etrapda gara mallaryň 100 müň başy, dowarlaryň 189,1 müň başy, guşlaryň hem 624,7 müň başy idedilýär. Bu görkezijiler hem geçen ýylyň ilkinji aýyndakydan ep-esli ýokarydyr.   

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: