BILIM

Türkmenabatdaky mekdebiň 5 ― 7-nji synp okuwçylary italýan dilini özleşdirýärler

Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 20-nji orta mekdepde italýan we iňlis dillerini çuňlaşdyryp okatmak boýunça işler indi üç ýyl bäri dowam edip gelýär.

Italýan dili bilen ilkinji gezek tanşan okuwçylarymyz eýýäm ýedinji synpyň okuwçylary boldular. Olar geçen üç ýylyň dowamynda bu dili inçelikleri bilen öwrenip, barha kämilleşýärler.

Ýeri gelende aýtsak, mekdepde italýan we iňlis dilleri 5-nji synpdan başlap, çuňlaşdyrylan görnüşde okadylýar. Bu işe ýaş mugallymlaryň ikisini çekildi. Olar Türkmenstanda hereket edýän ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarydyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: