Saýatdaky kärhanada gowaçanyň üç görnüşiniň tohumlyk çigidi taýýarlanylýar
Şu günler Lebap welaýatynda hereket edýän pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk gowaça çigidi taýýarlanylýar. Saýat etrabynyň Garabekewül pagta arassalaýjy kärhanasynda hem bu işler bellenilen tertipde alnyp barylýar.
Etrabyň «Garabekewül», «Ak gala» we «Lamma» daýhan birleşiklerine degişli ekin meýdanlarynda gowaçanyň tohumlyk çigidi ýörite ýetişdirilýär. Şonuň üçin hem bu hojalyklardan gelýän hasyl aýratyn işlenilip, gowaça çigitleri tohumlyk üçin niýetlenilýär.
Her ýyl bolşy ýaly, şu baharda hem gowaçanyň «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 39» we «S — 2606» görnüşlerini ekmek göz öňünde tutulýar. Bu tohumlaryň haýsy etrapda näçe mukdarda ekiljekdigi eýýämden meýilleşdirildi.
Şonuň ýaly-da, Saýat etrabynyň ylmy-önümçilik merkezinde gowaçanyň türkmen alymlary tarapyndan seçginiň esasynda täze döredilen «Ýolöten — 50», «Ýolöten — 53» we «Garaşsyzlyk» görnüşlerini synagdan geçirmegi dowam etdirerler. Gowaçanyň bu görnüşleri geçen ýyl hem synag üçin ekilipdi. Şu günler oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk merkeziniň welaýat bölüminde taýýarlanylan tohumlary barlagdan geçirmek dowam edýär. Bu ýerde tohumyň hil görkezijileri doly öwrenilýär we diňe şondan soň degişli resminama berilýär. Bu bolsa gowaça ekiljek meýdanlara diňe ýokary hilli çigidiň iberiljekdigini kepillendirýär.