Dana sen, weli sen, pir sen, Pyragy
Ele galam alan geçmez deñiñden,
Heý gulak ganarmy bilbil heñiñden,
Armanym ýok ahyr tutsam yeñiñden,
Dana sen, weli sen, pir sen, Pyragy!
Türkmene isteýip berkarar zaman,
Kötelli ýollara bolduñ sen rowan,
Nesillere çyrag, geljege dowam,
Dana sen, weli sen, pir sen, Pyragy!
Hemme mätäç seniñ dana sözüñe,
Barça halk eýerdi goýan yzyña,
Nirä baksam gözüm düşdi gözüñe,
Dana sen, weli sen, pir sen, Pyragy!
Bir kämil ýol gözläp diwanlar açan,
Derwüs deý delmuryp serinden geçen,
Erenleñ elinden köwser suw içen,
Dana sen, weli sen, pir sen, Pyragy!
Paýhas bilen bagtly geljege bakan,
Köñlüme şygryýet bossanyn eken,
Akyl çesmesinden teşnäni ýakan,
Dana sen, weli sen, pir sen, Pyragy!
Soltan Alymow, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” hünäriniň
III-nji ýyl talyby