Seýitnazar seýdi adyndaky TDMI-de fizika boýunça halkara internet olimpiadasy geçiriler
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ýakynda fizika dersi boýunça III açyk halkara internet olimpiadasy geçiriler.
Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Hökümetiň geçen hepdäniň anna gününde geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Şeýle hem şu okuw ýylynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ekologiýa dersi boýunça II açyk halkara internet olimpiadasyny, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde biologiýa dersi boýunça II halkara internet olimpiadasyny, Türkmen oba hojalyk institutynda inžener we kompýuter grafikasy boýunça II halkara internet bäsleşigini we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda rus dili dersi boýunça halkara internet olimpiadasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.