Tejribelik geçýän talyplaryň bäsleşigi geçirildi
“Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty “Berdimuhamet Annaýewiň durmuş we zähmet ýoly mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmegiň usulyýet esasydyr” atly bäsleşigi guramaga gatnaşdy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen bilelikde guralan bäsleşik iňlis dilini okatmagyň usulyýeti boýunça geçirildi.
Oňa ýokarda ady agzalan ýokary okuw mekdepleriniň mugallymçylyk tejribeligini geçýän talyplary gatnaşdylar.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýokary okuw mekdepleriniň üçüsinden 12 talyp birinji, ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldy.
Şolaryň deň ýaryndan hem gowragynyň 7-siniň şu bilim ojagynyň talyplary bolmagy guwandyryjy ýagdaýdyr.
Bäsleşige 35-den gowrak talybyň gatnaşandygyny aýtmak gerek. Olar
bäsleşigiň şertlerine laýyklykda mekdep okuwçylaryna iňlis dilini kämil derejede öwretmek boýunça başarnyklaryny görkezdiler.