YKDYSADYÝET

Türkmenabatdaky kärhana şu ýyl 120 tonna nah ýüplük eksport etdi

 Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginde şu ýylyň başyndan bäri ýokary hilli nah ýüplügiň 10 million 610 müň manatlygy öndürilip, meýilnama manat hasabynda 104 göterim ýerine ýetirildi.

Bu ýerde ýylyň başyndan bäri nah ýüplügiň 120 tonnasy Russiýa, Türkiýe ýaly ýurtlara eksporta ugradyldy. Munuň özi 1 million 699 müň manatlyga barabardyr.

Kärhanada geçen ýylda meýilleşdirilen 38 million manatlygyň ýerine 49 million 496 müň manatlyk nah ýüplük öndürildi.  Şeýle hem kärhana 2022-nji ýylda geçen ýylyň dowamynda 20 million 72 müň 679 manatlyk önümi eksporta iberdi. Fabrigiň zähmet adamlary üstümizdäki ýyly hem zähmet üstünliklerine beslemegi belent maksat edinýärler.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: