SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply samboçylar halkara ýaryşda iki medal gazandylar

Lebaply türgenleriň ikisi ― Babajan Iwadullaýew bilen Begenç Baltaýew ýakynda Moskwa şäherinde geçirilen «Sambony esaslandyryjylaryň kubogynda» medallara mynasyp boldular.

Şunda dänewli samboçy Babajan Iwadullaýewiň söweş sambosy boýunça 98 kilograma çenli agram derejesinde altyn medala mynasyp bolandygyny aýratyn nygtamaly. Sport sambosy boýunça 79 kilograma çenli agram derejesindäki ýaryşlara gatnaşan Begenç Baltaýew bolsa hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

10 döwletiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşda erkekler we zenan türgenler hem sambo, hem söweş sambosy boýunça agram derejeleriniň 7-sinde güýç synanyşdylar. Halkara ýaryşda baýrakly orunlar üçin Türkmenistanyň, Russiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Gyrgyzystanyň, Belarusyň, Özbegistanyň, Ermenistanyň, Hytaýyň, Täjigistanyň we Marokkonyň samboçylary göreşdiler.

Iki günläp dowam eden halkara ýaryşy türkmen ýygyndysy 5 medal bilen tamamlady. Olaryň biri altyn, dördüsi bürünç medaldyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: