YKDYSADYÝET

Hojambazly hususyýetçi her aýda ýarym tonna et, 400 litr süýt taýýarlaýar

Hojambaz etrabynyň Beşir şäherçesiniň ýaşaýjysy Agaly Hudaýberdiýewiň şahsy maldarçylyk hojalygynda her aýda 400-500 kilogram et, 400 litr töweregi süýt önümlerini ilata hödürleýär.

Hususyýetçi öz işi üçin 2015-nji ýylda Jumaguly Mämmedow adyndaky daýhan birleşigine degişli ulanyşdan galan maldarçylyk hojalygynyň jaýyny satyn aldy. Onuň durkuny täzeledi. Onda öz hojalygynyň sygyrlaryny idedip başlady. Şondan bäri geçen wagtyň dowamynda Agalynyň sygyrlarynyň sany 120-ä ýetdi. Öz işiniň abyny-tabyny ele alan telekeçi ildeşlerimizi et we süýt önümleri bilen bolelin üpjün edýär. Ol her aýda 400-500 kilogram et, 400 litr töweregi süýt önümlerini ilata hödürleýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: