YKDYSADYÝET

Türkmenistanly telekeçi düýeguşlary idedýär

Telekeçi Maýsa Welmyradowa degişli bolan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän fermada düýeguşlaryň 500-sine talabalaýyk ideg edilýär. Bu ferma 2,5-3 müň düýeguşy idetmäge niýetlenen bolup, ol 5 gektar meýdany tutýar. Häzirki wagtda bu ýerde Afrika düýeguşlary saklanylýar.

Afrika düýeguşy bu guşlaryň arasynda gabarasy iň iri tohum bolup, onuň agramy 100 — 160 kilogram aralygyna, boýy bolsa 3 metre çenli ýetip bilýär. Ýokary ýylylyga çydamly bu düýeguşlar Türkmenistanyň howa şertlerine oňat uýgunlaşýarlar. Şeýle hem, olaryň eti tagamly we peýdaly mikroelementlerdir beloklara baý bolsa, ýelegi çyglylyga çydamlylygy, uzak möhlete ýaramlylygy bilen tapawutlanyp, köwüşdir ellik, torbadyr gapjyk önümçiliginde giňden ulanylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: