YKDYSADYÝET

Lebapda 20 müňden gowrak ýüpekçi gurçuk idedýär

Şu günler Lebap welaýatynda ýüpek gurçugyny idedýän ýüpekçileriň sany 20 müňden geçýär. «Lebapýüpek» önümçilik birleşigi olaryň ählisi bilen şertnama baglaşdy.

Şu ýyl ýüpekçilere Türkmenistanda ýetişdirilen we Hytaý Halk Respublikasyndan getirilen tohumlar paýlanyp berildi. Häzirki wagtda welaýatda 2,5 müň gektardan gowrak tut agajy ýüpekçileriň ygtyýarynda.

Gyzgalaňly möwsümiň ahyrynda welaýatyň ýüpekçileri kümüş çäje 1010 tonna pile tabşyrmagy meýilleşdirýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: