YKDYSADYÝET

Köýtendag etrabynda gipskarton öndürjek kärhana gurlar

Türkmenistanda gury gurluşyk garyndylaryny we gipsokarton önümlerini öndürmäge niýetlenen kärhana dörediler. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary ýokary hilli we içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleriň önümçiligini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklarda giňden ulanylýan dürli görnüşli gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda ýurdumyzyň senagat pudagyny ösdürmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek, importuň ornuny tutýan we eksport ugurly harytlaryň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Köýtendag kän müdirligi hem-de «Ak bulut» hojalyk jemgyýetiniň paýly gatnaşmaklarynda «Türkmen gips» hojalyk jemgyýetini döretmek teklip edilýär.

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Dostluk şäheriniň çäginde dörediljek bu täze bilelikdäki kärhanada ýylda 250 müň tonna gury gurluşyk garyndylaryny we 20 million inedördül metr gipsokarton önümlerini öndürmek göz öňünde tutulýar, bu bolsa täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki zaman gurluşyk serişdelerini öndürmäge niýetlenen bilelikdäki kärhananyň döredilmegi ýurdumyzyň senagat pudagyny mundan beýläk-de netijeli ösdürmäge ýardam berjekdigini belledi hem-de wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: