YKDYSADYÝET

Türkmenabatdaky fabrik dokmaçylar we howa gullugynyň işgärleri üçin ýörite lybaslary öndürip başlady

Türkmenabadyň tikin fabriginde welaýatyň nah ýüplük fabrikleriniň, Türkmenabadyň Halkara howa menziliniň işçi-hünärmenleriniň iş geýimlerini öndürmäge başlanyldy.

Ilatyň islegini öwrenmegiň netijesinde kärhanada peşehana hem öndürilýär. Uly peşehanalaryň 20-den gowragy eýýäm satuwa çykaryldy. Tikinçileriň diňe bir buýurmalara däl, isleglere laýyklykda işlemek usulyny önümçilige ornaşdyrmagy meýilnamalaryň artygy bilen ýerine ýetirilmegini üpjün edýär.

Kärhanada ýylyň başyndan bäri meýilleşdirilen 9 million 500 müň manatlygyň ýerine 10 million 407 müň 508 manatlyk önüm öndürildi. Diňe bir mart aýynda 300 müň manatlykdan gowrak önüm meýilnamadan artyk öndürildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: