SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenabatdaky 1-nji sport mekdebi türgenleşiklere çagyrýar

Türkmenabat şäherindäki 1-nji sport mekdebi çagalary sportuň bäş görnüşi boýunça türgenleşiklere çagyrýar.

Sportuň gandbol görnüşi bilen gyzyklanýan 7 ― 9 ýaşly oglan-gyzlar, boks bilen gyzyklanýan 8 ― 10 ýaşly oglanlar, grek-rim göreşine höwesek 8 ― 10 ýaşly oglan-gyzlar, stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça türgen bolmagy arzuw edýän 8 ― 10 ýaşly oglan-gyzlar hem-de basketbol boýunça 7 ― 9  ýaşly oglan-gyzlar bu mekdebe ýüz tutup bilerler.

Kabul edişlik 21 ― 26-njy awgust aralygynda geçirilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 8(422) 9-83-15; 9-83-16.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: