Messi «Brest» bilen myhmançylykdaky oýna gatnaşmaz
«Pari Sen-Žermeniň» 34 ýaşly argentinaly hüjümçisi Lionel Messi türgenleşmegini dowam etdirýär we Fransiýanyň çempionatynyň 3-nji tapgyrynda «Brest» bilen boljak duşuşykda oýnamaz. Bu barada «mail.ru» ýazýar.
Çeşmäniň bellemegine görä, bu oýna beýleki hüjümçi — braziliýaly Neýmar hem gatnaşmaz. Ýöne Anhel Di Mariýanyň, Marki Werattiniň we Janluji Donnarummanyň oýnamagyna garaşylýar. Soňky oýunçy şonda parižlileriň düzüminde birinji gezek futbol meýdançasyna çykar.
«Brest» bilen oýun şu gün, 20-nji awgustda, aşgabat wagty bilen 24:00-da başlar.