SPORT WE SYÝAHAT

Ýewropanyň açyk çempionatynda türkmen pälwanlary iki altyn medal gazandylar

Dzýudo boýunça Awstriýada geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda türkmen türgenleri iki altyn medal gazandylar.

Birinji medaly Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň talyby Hakberdi Jumaýew getirdi. Ol 60 kilograma çenli agram derejesinde göreşen 29 pälwandan öňe saýlanmagy başardy. Ikinji medaly 66 kilogram agram derejesinde çykyş eden Hekim Agamämedow gazandy. Bu agram derejesinde 32 türgen çempion diýen ady almak üçin göreşdi.

Çempionatda iň güýçli diýen ady almak üçin 37 ýurtdan gelen 283 türgen göreşdi. Oňa Türkmenistandan 37 dzýudoçy gatnaşdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: