SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenabat şäheriniň topary basketbol boýunça birinji orny eýeledi

Türkmenabat şäheriniň 10-njy sport mekdebinde oglanlaryň arasynda basketbol boýunça (U18) Lebap welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherinden üç, Dänew, Farap we Saýat etraplarynyň hersinde bir topardan gatnaşdylar.

Çekeleşikli geçen duşuşyklarda Türkmenabat şäheriniň birinji topary hemmelerden öňe saýlanmagy başardy we utuklary jemi boýunça birinji orna mynasyp boldy. Farap etrabynyň topary hem garşydaşlarynyň köpüsinden üstün çykmagy başardy we üçünji orny eýeledi. Türkmenabat şäheriniň ikinji topary bolsa üçünji orun bilen ylalaşmaly boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: