Türkmenistanly pälwanlar Gran-Pri ýaryşyna gatnaşýarlar

Şu gün Horwatiýanyň Zagreb şäherinde dzýudo boýunça halkara Gran-Pri ýaryşy başlandy. Oňa türkmen dzýudoçylarynyň 14-si gatnaşýar. Olaryň 11-si lebaply pälwanlardyr.

Olar Leýla Umidowa, Saýara Rozyýewa, Gözel Nowruzowa, Zülhumar Daşkinowa, Aýbek Omirow, Hakberdi Jumaýew, Serdar Rahimow, Ilham Kemalow, Isa Gaýratow, Mammedali Açyldyýew we Daýanç Omirow ýaly ussat tälimçileriň ýolbaşçylygynda türgenleşdiler.

Bu ýaryşa 71 döwletden jemi 556 türgen gatnaşýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector