• Wed. Sep 30th, 2020

Ýaryşdan ýeňiş bilen

Mar 12, 2020

Türkmenabatly Ibragim Joraýew erkin göreş boýunça 2005—2006-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda geçirilen ýaryşda Türkmenistanyň çempiony diýen ada mynasyp boldy.

Ol 52 kilogram agram derejesinde çykyş edip, garşydaşlarynyň ählisinden üstün çykmagy başardy. 62 kilogram agram derejesinde orta çykan Şatlyk Nurlyýew bolsa ikinji orna mynasyp boldy.

Mary şäheriniň 8-nji sport mekdebinde guralan tutluşyklara Aşgabat şäherinden we Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan ýaş pälwanlaryň 29-sy gatnaşdy.

Umumy netijeler boýunça ýaş olimpiaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň topary birinji, Aşgabat şäheriniň topary ikinji, Balkan welaýatynyň topary üçünji orunlary eýelediler.

Поделиться ссылкой: