JEMGYÝET

Türkmenabat şäherindäki 11-nji orta mekdebiň okuwçylary Ýeňiş gününe bagyşlanan konsert görkezdiler

Türkmenabat şäherindäki 11-nji orta mekdebiň okuwçylary geografiýa mugallymy Swetlana Kulyýewanyň ýolbaşçylygynda taýýarlanan Beýik Watançylyk urşundaky Ýeňşiň 77 ýyllygyna bagyşlanan konsert bilen çykyş etdiler.

Olar dürli dillerde uruş barada ýazylan aýdymlary ýerine ýetirdiler, urşuň kyn günleri barada gürrüň berýän sahnalary goýdular. Şonuň ýaly-da, dünýäniň dürli halklarynyň tanslaryny ýerine ýetirdiler. Şol wagt interaktiw tagtada söweş we tyldaky zähmet bilen baglanşykly maglumatlary görkezdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: