SPORT WE SYÝAHATTÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenabat şäherinde Bütindünýa saglyk güni mynasybetli welosipedli ýöriş guraldy

Şu gün Türkmenabat şäherinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welosipedli ýöriş guraldy. Ýöriş Amyderýanyň üstünden gurlan awtomobil köprüsinden badalga aldy.
Oňa gatnaşyjylaryň arasynda welosiped sporty bilen çynlakaý meşgul bolýan ýaşlar-da, olaryň tälimçileri-de, welaýatymyzyň edaralarynda, kärhanalarynda zähmet çekýän dürli ýaşdaky we kärdäki adamlar-da, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri-de bardy. Biraz salymdan soň ruhubelentlik bilen gelýän welosipedçiler köpriniň derýanyň çep kenaryndan başlanýan ýerine gurlan «Beýik Ýüpek ýoly» binasynyň ýanyna ýetdiler. Şu ýerden olar Türkmenabat şäherine sowuldylar we ýoluny dowam etdirdiler. Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugry bilen barýarkalar olar ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň, Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň deňinde gurlan sport çäreleriniň şaýatlary boldular.
Welosipedçiler welaýat merkeziniň Sport toplumyna gelip ýetdiler. Bu ýerde hem olary dabaraly aýdym-saz bilen garşy aldylar. Sungat ussatlarynyň aýdan aýdymlary, tansçylar toparynyň göwün galkyndyryjy sazlara goşup, ýerine ýetiren tanslary tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady. Ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary hem köpleriň göwünlerinden turdy.
Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan çäreler Lebap welaýatynyň ähli etraplarynda geçirildi. Olara dürli kärdäki we ýaşdaky adamlaryň müňlerçesi gatnaşdy.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply