DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Dünýäde milliarderleriň sany artdy. Olaryň sanawyny «Forbes» çap etdi

Amerikanyň «Forbes»-i dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çap etdi. Pandemiýanyň we krizisiň höküm süren ýylynda milliarderleriň işi has paşypdyr: olaryň bilelikdäki girdejisi 60% artypdyr we täze rekord görkezipdir. «Forbes»-iň sanawynda 100 milliard amerikan dollaryndan köp baýlygy bolan adamlaryň sany dört esse artypdyr. Bu barada «mail.ru» ýazýar.
Dördünji gezek bu sanawyň başyny «Amazon»-y esaslandyryjy Jeff Bezos başlaýar. Onuň baýlygy 177 milliard dollara barabar bolupdyr. Bu onuň geçen ýylky gazananyndan 64 milliard dollar köpdür.
Geçen ýyl Bezos «Forbes»-iň sanawynda on iki belgili san bilen beýan edilýän baýlygyň ýeke-täk eýesi eken. Bu ýyl olaryň sany dörde ýetipdir. Geçen ýyl 31-nji orny eýelän «Tesla»-nyň esaslandyryjysy Ilon Maska bu ýyl ikinji orna çykypdyr. Geçen ýyl «Tesla»-nyň aksiýalarynyň bahasy 700% gowrak galypdyr. «Tesla»-nyň aksiýalarynyň yzyndan Maskanyň hem baýlygy artypdyr. Ol geçen ýylkysyndan 126 miliard dollar köp gazanyp, jemi toplan baýlygy 151 milliard dollara barabar bolupdyr.
«LVMH» moda öýüniň eýesi Bernar Arno üçünji orny saklap galypdyr. «Forbes» onuň baýlygyny 150 milliard dollar diýip hasaplaýar. Bu geçen ýylkysyndan iki esse diýen ýaly köpdür.
«Forbes»-iň sanawynda jemi 2755 milliarder bar. Bu 2020-nji ýyldakysyndan 660 adam köpdür.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply