BILIM

Türkmenabat şäherinde bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň işjeňleri maslahatlaşdylar

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdepde ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň şäher maslahaty geçirildi, diýip «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Oňa Türkmenabat şäherindäki bilim we terbiýeçilik edaralarynyň mugallymlarydyr terbiýeçileri gatnaşdylar. Onda çykyş edenler bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, 2022-nji ýylyň jemleri barada giňişleýin gürrüň etdiler. Bilim işgärleri bilim işgärleriniň, mekdep okuwçylarynyň, körpeleriň arasynda geçiriljek bäsleşikleriň, wagyz-nesihat çäreleriniň, döredijilik bäsleşikleriniň meýilnamasyny düzdüler we ýerine ýetirilmeli işleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Gazetiň habar bermegine görä, şu günler şeýle çäreler welaýatyň beýleki etrap-şäherlerinde-de geçirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: