Bilim işgärleriniň awgust maslahaty geçirilýär
Şu günler welaýat baş bilim müdirliginiň guramagynda bilim işgärleriniň gatnaşmaklarynda usuly okuwlar geçirilýär. Olarda Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Milli Bilim instituty tarapyndan hödürlenilen mowzuklar boýunça mugallymlaryň çykyşlary diňlenilýär.
Mekdep müdirleriniň we olaryň okuw, terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilýän usuly okuwlarda hem üstümizdäki okuw ýylynda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşylýar. Usuly okuwlarda çykyş edýän söhbetçiler öz saýlap alan mowzugy boýunça iş tejribesi esasynda sapaklarda ulanýan usullary bilen kärdeşlerini tanyş edýärler.
Hepdäniň şenbe güni usuly okuwlaryň jemi jemleniler. Onda ýaşlara berilýän bilimiň hilini we mazmunyny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly bilim işgärleriniň orta atan teklipleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle-de şol gün 2023 — 2024-nji okuw ýylynda bilim ojaklarynda geçiriljek ylmy-amaly we usuly maslahatlaryň rejesi kesgitlenilip, mugallymlaryň dykgatyna ýetiriler.