YKDYSADYÝET

«Şabat» hususy kärhanasynda göçgünli önümler öndürilýär

Daşoguz şäherindäki «Şabat» hususy kärhanasynda ýylyň başyndan bäri 500 müň manatlykdan gowrak süýt önümleri öndürildi.

Bu ýerde süýt önümleriniň 20-ä golaý görnüşi taýýarlanýar. Mesge ýagy, dorog, gatyk, gaýmak, aýran ýaly süýt önümler owadan bezegli, göze gelüwli gaplarda ýöriteleşdirilen söwda nokatlaryna iberilýär. Häzirki wagtda öndürilýän önümleri daşary ýurtlara eksport etmek babatda degişli işler alnyp barylýar.

Geçen ýyl bu ýerde jemi 5 million 998 müň manatlykdan gowrak dürli görnüşli önümler öndürilipdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: