Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary uzak aralykdan geçirilen sapaga gatnaşdylar.

Bu internet hyzmatlarynyň ösmegi we onuň bilim ulgamynda giňden peýdalanylyp başlanmagy bilen mümkin boldy. Iki ýokary okuw jaýynyň iňlis dili we edebiýaty mugallymlarynyň guramaklarynda geçirilen dünýäde giň ýaýran bu dili öwretmekde toplanan tejribe bilen paýlaşmakda, talyplaryň öwrenýän dilini durmuşy ýagdaýlarda peýdalanmak başarnyklaryny kämilleşdirmekde ähmiýeti uly boldy.

Türkmenistanda bilimiň ähli basgançaklarynda berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, mugallymlaryň işini kämilleşdirmek boýunça maksada laýyk iler alnyp barylýar. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» hem şol işleriň bir ugrydyr. Çagalar baglaryndan başlap, türkmen dili bilen bir hatarda iňlis we rus dilleri öwredilýär we bu dilleri okatmak orta mekdeplrerde hem dowam etdirilýär. Ondan daşary hem fransuz, nemes, hytaý, ýapon we beýleki dilleri öwredýän mekdepler hem bar. Bu diller Lebap welaýatyndaky orta mekdepleriň hem birnäçesinde öwrenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: