JEMGYÝET

Türkmenabat bilen Bişkegiň arasynda howa arkaly ýük gatnawlary ýola goýuldy

2022-nji ýylyň 6-njy fewralyndan «Türkmenistan» awiakompaniýasy — açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hepdede iki gezek «Türkmenabat — Bişkek — Türkmenabat» ugry boýunça yzygiderli ýük gatnawyny amala aşyryp başlady. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Mundan başga-da, «Türkmenistan» awiakompaniýasy — açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hepdede iki gezek «Aşgabat — Frankfurt — Türkmenabat», hepdede üç gezek «Türkmenabat —Pekin — Türkmenabat», hepdede iki gezek «Türkmenabat — Stambul — Türkmenabat», hepdede bir gezek «Türkmenabat — Almaty — Türkmenabat», hepdede bir gezek «Türkmenabat — Bangkok — Türkmenabat» aralygynda ýük howa gatnawlary amala aşyrýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: