JEMGYÝET

Farap etrabynyň merkezi kitaphanasynda sergi guraldy

Farap etrabynyň merkezi kitaphanasynda «Kanunym — bagtym meniň» atly kitap sergisi açyldy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlanan serginiň açylyş dabarasynda kitaphananyň Jeýhun we Osty şahamçalarynyň işgärleri, okyjylar köpçüligi gatnaşdylar.

Sergide Türkmenistanyň Konstitusiýasy, kodeksler we kanunlar goýuldy. Bu ýere gelenler Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň Esasy Kanunyň kabul edilişi, oňa girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň ýurduň garaşsyzlygyny berkitmekdäki we ösüşindäki ähmiýeti barada gürrüň etdiler. Onuň esasynda kabul edilýän kanunlaryň ýurduň we adamyň bähbidini araýandygyny bellediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: