YKDYSADYÝET

Türkmenabadyň ýüpek önümçilik kärhanasy ýyllyk meýilnamasynyň ýarysyndan gowragyny berjaý etdi

Türkmenabadyň ýüpek önümçilik kärhanasynyň zähmetkeşleri geçen bäş aýda ýyllyk meýilnamada görkezilen wezipeleriň ýarysyndan gowragyny ýerine ýetirdiler. Olar ýylyň ahyryna çenli öňlerinde 8 million 511 müň inedördül metr mata öndürmegi maksat edinip goýupdylar. Geçen bäş aýda çykarylan matanyň umumy möçberi bolsa 4 million 898 müň inedördül metre barabar boldy.

Kärhananyň işiniň ilerlemeginde pile kelepleýji önümçiliginiň hünärmenleriň orny hem uludyr. Kärhanada şu aýyň başynda bu önümçilik boýunça täze sehiň işe girizilmegi pile kelepleýjilere ýylyň ahyryna çenli 8,5 tonna  çig ýüpek öndürmäge mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti kärhananyň işi bilen yzygiderli gyzyklanyp durýar we öňde baryjy işgärleri maddy taýdan höweslendirýär. Bu bolsa olary tutanýerli zähmete ruhlandyrýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: