SPORT WE SYÝAHAT

Gurban Berdiýew «Traktor» futbol toparyň baş tälimçisi

Eýranyň «Traktor» futbol toparynyň resmi saýtynda meşhur türkmen futbolçysy we tälimçisi Gurban Berdiýewiň bu toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigi habar berildi. Töwriz şäheriniň bu topary Eýranyň futbol çempionatynyň ýokary ligasynda çykyş edýär. Gurban Berdiýew esasy wezipesi bilen birlikde toparyň tehniki direktory wezipesini hem ýerine ýetirer.

69 ýaşly tälimçi geçen ýylyň tomsundan şu ýylyň 6-njy iýunyna çenli Almatynyň «Gaýrat» toparynyň baş tälimçisi wezipesinde işledi. Onuň baştutanlygynda bu topar Gazagystanyň çempionatynyň bürünç medalyny we Gazagystanyň Kubogyny eýeledi.

Mundan ozal Gurban Berdiýew Kazanyň «Rubin» we Don boýundaky Rostowyň «Rostow» toparlarynda bäş tälimçi bolupdy. Onuň ýolbaşçylygynda «Rubin» Russiýanyň iki gezek çempiony boldy. Mundan başga-da, bu topar ýurduň Kubogyny we iki gezek Superkubogyny eýeledi. «Rostow» bolsa Gurban Berdiýewiň baştutanlygynda kümüş medala mynasyp bolupdy. 90-njy ýylda döredilen «Traktor» topary iki gezek Eýranyň Kubogyny eýeläpdi. Toparyň ýolbaşçylary we toparyň janköýerleri tanymal tälimçiniň ýolbaşçylygynda ýurduň çempionatynda we halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etmegine umyt baglaýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: