MEDENIÝET

Türkmenabadyň teatry Gyrgyz Respublikasynda geçirilen festiwalyň baýraklaryna mynasyp boldy

Gyrgyz Respublikasynda bassyr altynjy gezek geçirilen «Aýtmatow we teatr» atly halkara festiwala gatnaşan Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary festiwalyň ýörite baýraklarynyň birnäçesine mynasyp boldy.

Dünýä belli ýazyjy Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli geçirilen festiwalda gündogar sebitiň sahna ussatlary «Ak gämi» atly eser bilen çykyş etdiler. Ýazyjynyň adybir powesti esasynda bu eseri režissýor Perhat Hudaýberenow sahnalaşdyrdy.

Biziň ildeşlerimizden başga-da, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistandan, Azerbaýjandan we Russiýa Federasiýasyndan teatr toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen festiwalda türkmen teatrynyň topary festiwaly guraýjylaryň ýörite baýragyna mynasyp boldular. Teatryň baş ýolbaşçysyna we eseriň režissýoryna bu baýragyň Diplomy bilen bilelikde festiwalyň nusgalyk kubogy gowşuryldy. Şeýle hem türkmenistanly sahna ussatlary tarapyndan görkezilen eserde baş keşbi ― Nurgazynyň keşibini ýerine ýetiren Ogulşat Jumaýewa bu keşp üçin berlen şahsy baýragyň eýesi boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: