JEMGYÝET

Türkmenabadyň iň gowy gyzlar gurnagy kesgitlenildi

Welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan orta mekdeplerde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň agzalarynyň arasynda yglan edilen «Iň gowy gyzlar gurnagy» atly bäsleşigiň Türkmenabat şäher tapgyry geçirildi.

Bäsleşige gatnaşýan gyzlar özleriniň wekilçilik edýän gurnaklary bilen tanyşdyryp, el hünärini ýerine ýetirmek we ony şahyrana setirlerde wasp etmek boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşikde gyzlaryň keşde çekişlerine, köjüme köjemek, basma basmak, alaja örmek, aldymgaç çalmak, jähek kakmak, haly dokamak ýaly el hünärlerini ýerine ýetirişlerine baha berildi. Şeýle-de bäsleşikde däp-dessurlarymyza laýyklykda döwrebap türkmen saçagynyň bezelişine we milli tagamlarymyzyň taýýarlanylyşyna hem üns berildi.

Netijede bäsleşigiň şäher tapgyrynda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň gyzlar gurnagy birinji orna mynasyp boldy. Welaýat merkezindäki 33-nji we 20-nji orta mekdepleriň gyzlar gurnaklary ikinji, ýöriteleşdirilen 7-nji hem-de 11-nji, 18-nji orta mekdepleriň gyzlar gurnaklary bolsa üçünji orunlara eýe boldular.

Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: