JEMGYÝET

Lebap welaýat kitaphanasynda wagtlaýyn sergi açyldy

«Bahar size meňzeş, eziz eneler» diýen at bilen gurnalan sergi 8-nji marta ― Halkara zenanlar gününe bagyşlandy. Sergi-de nusgawy türkmen ýazyjylarynyň eserleri bilen birlikde meşhur türkmen gelin-gyzlarynyň ýygyndylary-da ýerleşdirildi. Sergi-de gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň dürli ýyllarda çap edilen kitaplary serginiň aglaba bölegini eýeledi. Şeýle-de sergi-de türkmen halkyna mahsus bolan ýörelgeleri, däp-dessurlary açyp görkezýän surat eserleri-de ýerleşdirildi. Şu günler welaýat merkeziniň bilim we terbiýeçilik edaralarynyň işgärleri, talyplar  we mekdep okuwçylary sergä yzygiderli gezelenç edýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: