JEMGYÝET

Ders bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiň binýadynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşikleriniň welaýat tapgyry geçirildi.

Däbe öwrülen bäsleşige onuň etrap, şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan 10-11-nji synp okuwçylarynyň ýüzlerçesi gatnaşdy. Olar okuw maksatnamasyna girizilen dersler boýunça bäsleşip, bilimini, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşik iki günläp dowam etdi.

Aýry-aýry dersler boýunça birinji, ikinji, üçünji orunlary eýelän mekdep okuwçylary welaýat baş bilim müdirligi tarapyndan Diplomlar, gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Şonuň ýaly-da öňdäki orunlary eýelän zehinli mekdep okuwçylary bäsleşigiň ýakyn günlerde geçiriljek döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: