YKDYSADYÝET

Türkmen üzümi Russiýa Federasiýasyna eksport edildi

«Salkym» hojalyk jemgyýetiniň üzümli meýdanlaryndan häzire çenli 200 tonnadan gowrak hasyl ýygnalyp, onuň 50 tonnasy şu ýyl ilkinji gezek Russiýa Federasiýasyna eksport edildi. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çägindäki bu hojalyk jemgyýetine degişli üzüm meýdanlarynda 50 müň düýp üzüme ideg edilýär. Häzirki wagtda bu ýerde işler gyzgalaňly alnyp barlyp, üzümiň gara kişmiş, kişrawy, sardiana, kişmişwir ýaly onlarça görnüşinden ýetişen bitginli hasyl ýygnalýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: