YKDYSADYÝET

Dänewdäki daýhan hojalygynda 1000 gram ýüpek gurçugy idedilýär

Oba hojalykçy Çingiz Alymowyň Dänew etrabynyň çäginde ýerleşýän «Gözel zemin» daýhan hojalygynda 1000 grama golaý ýüpek gurçugy idedilýär.

Hojalyk şu ýyl piläniň 1,7-1,8 tonna golaýyny welaýatyň kümüşsöw çäjine goşant etmegi meýilleşdirýär. Üç ýyldan bäri şu ugurlarda daýhan hojalygy öz işini üstünlikli ýöredýär.

Ýeri gelende aýtsak, etrabyň ozalky «Dostluk» daýhan birleşiginiň ýerleri berkidilen daýhan hojalygy 2021-nji ýylda döredildi. Hojalykda kuwwatly tehnikalaryň 5-si bar bolansoň işler çalt we sazlaşykly alnyp barylýar. Goşmaça tehnikalar zerur bolan mahalynda şertnamalaýyn esasda hem işe çekilýär. Bu ýerde 550 gektar meýdanda gowaçadan, 455 gektar meýdanda hem bugdaýdan her ýylda bol hasyl ýygnalýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: