YKDYSADYÝET

Farapda iki sany sowadyjy ammar guruldy

Farap etrabynyň etrabyň Hanoba geňeşliginiň Goýgala we Tuýgun obalarynda degişlilikde hersi 25 we 50 tonna önüm saklamaga niýetlenilen sowadyjy ammarlar guruldy.

Iýmit önümlerini saklamaga niýetlenen ammarlar telekeçiler Ahmet Atamyradowa we Atamyrat Çaryýewe degişlidir. Bu bolsa etrabyň hojalyklarynda öndürilýän gök, bakja we miwe önümlerini ýylyň dowamynda terligine saklamaga hem-de ilata ýetirmäge mümkinçilik berer.

Etrabyň daýhanlary beýleki ekinler bilen bir hatarda gök we bakja ekinlerini ýetişdirmek bilen meşgullanýarlar. Olar şu ýyl 80 gektar meýdana ýazlyk ýeralma, 100 gektar ýere sogan, 50 gektara pomidor, 10 gektar meýdana kelem ekildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: