YKDYSADYÝET

72 müň 573 tonnadan gowrak duz gazylyp alyndy

Balkan welaýatynyň «Guwlyduz» kärhanasynyň hünärmenleri ýylyň geçen döwründe şunça möçberdäki duzy senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin gazyp aldylar we meýilnamany 103,8 göterim berjaý etdiler.

Önümçiligiň dürli pudaklarynda uly islege eýe bolan gerdejik görnüşli däneli duzuň 64 müň 510 tonnasy öndürildi. Bu meýilnamadakydan 3 müň 610 tonna köpdür. Geçen döwürde gaplanan nahar duzunyň umumy möçberi 23 müň 276 tonnadan geçip, 152,1 göterim ösüş gazanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: