Türkmen milli göreşi boýunça Lebap welaýatynyň açyk çempionaty geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdebinde türkmen milli göreşi boýunça Lebap welaýatynyň açyk çempionaty geçirildi. Ýaryşlarda Türkmenabat şäherinden, Saýat, Halaç, Kerki, Darganata etraplaryndan pälwanlaryň 100-e golaýy güýç synanyşdylar.

Dürli agram derejelerinde orta çykan pälwanlar iň güýçli diýen ady almak ugrunda güýç synanyşdylar. Tutluşyklaryň netijeleri boýunça saýatly pälwanlar iň ýokary görkezijileri görkezip, ýeňiş gazandylar. Ýaryşda ikinji baýrakly orny türkmenabatly, üçünji baýrakly orny halaçly türgenler eýelediler. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector