YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda alkogolsyz içgileriň öndürilişi artýar

Şu ýylyň bäş aýynda Lebap welaýatynyň telekeçileri alkogolsyz içgileriň 139 müň dekalitrinden gowragyny öndürdiler. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkisinden 24 müň dekalitre ýakyn köpdür.

Aýry-aýry kärhanalar ilatyň arasynda uly islegden peýdalanýan içgileri öndürmegiň möçberini artdyrdylar. Mysal üçin, «Sümmül» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde geçen döwürde 62 müň dekalitrden gowrak arassalanan agyz suwy öndürildi. Bu jemgyýetiň geçen ýylky görkezijisinden 5 müň dekalitrden gowrak kändir. Kerkili telekeçi Muzafar Baratowyň öndüren alkogolsyz içgileri bolsa geçen ýylyň degişli dörwündäkisinden 10 müň dekalitre ýakyn köp boldy. Has takygy, ol 15 müň dekalitre ýakyn önüm çykaryp, ony söwda nokatlaryna ugratdy. Telekeçi Ysmaýyl Rawşanowyň kärhanasynyň goýberýän içgileri bolsa 47,8 müň dekalitre barabar boldy. Bu onuň geçen ýylky görkezijisinden 16,7 müň dekalitr artykdyr.

Tomsuň gelmegi bilen ilatyň arasynda bu içgilere isleg has  artdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: