Daýhan hojalygy günde 25 müň töweregi ýumurtgany söwda nokatlaryna ugradýar

Işini Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda alyp barýan «Eşret» daýhan hojalygynda her günde 25 müň töweregi ýumurtga öndürilip, söwda nokatlaryna ugradylýar.

Hojalygyň fermasynda 30 müňden gowrak towuga ideg edilýär. Bu ýerde ýylyň başynda bäri 1 million 662 müňden gowrak ýumurtga öndürildi. Onuň 490,6 müňüsi şu aýda alyjylara ugradyldy.

Daýhan hojalygyna towuklara iým ýetişdirmek üçin 99 ýyl möhlet bilen ýer bölegi bölünip berildi. Onda bugdaý, mekgejöwen, dary, soýa ýetişdirilýär. Ýerde agrotehniki çäreleri alyp barmak üçin hojalyk ýeňillikli berlen bank karzynyň hasabyna gerekli tehnikalary satyn alypdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector