YKDYSADYÝET

Hytaýa 2 milliard 668 million kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi

«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň işgärleri şu ýylyň geçen dört aýynda tebigy gazyň 4,2 milliard kub metrden gowragy öndürip, bu baradaky meýilnamany artygy bilen berjaý etdiler. Şeýle-de, geçen döwürde gaz kondensatynyň 18,2 müň tonna golaýy öndürilip,  dört aýyň meýilnamasy 106,4 göterim ýerine ýetirildi.

Öndürilen harytlyk  önümiň 2 milliard 668 million kub metrden gowragy Bagtyýarlyk — Malaý gaz geçirijisi arkaly Hytaýa akdyryldy. Munuň özi degişli meýilnamanyň 183,5 göterim ýerine ýetirilendiginden habar berýär. Şeýle ýokary netijeler geçen ýylyň ýanwar aýynda Malaý gaz käninde kuwwatly gaz gysyjy desganyň ulanylmaga berilmeginiň netijesinde mümkin boldy. Baýlyk çykaryjylar üstümizdäki ýylda «mawy ýangyjyň» 9 milliard 240,4 million kub metrden gowragyny öndürmegi maksat edinip, tutanýerli zähmet çekýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: