Gant şugundyry üçin ýerler bejerilýär

Şu günler Mary welaýatynyň daýhanlary galla hasylyndan boşan ýerlere aralyk ekin hökmünde gant şugundyryny köpçülikleýin ekmek üçin ýerleri şüdügärlemek, tekizlemek, geriş çekmek işlere girişdiler.

Üstümizdäki ýylda «Maryşeker» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan daýhan birleşikleri, daýhan hojalyklary bilen baglaşylan şertnama laýyklykda täze hasyl üçin 14 müň 900 gektar meýdanda gant şugundyryny ekmek göz öňünde tutulýar. Paýdarlar jemgyýeti şertnama baglaşan kärendeçileri, tehnika, naýbaşy tohum, mineral dökünler, ekinleriň kesellerine we zyýankeşlerine garşy himiki serişdeler bilen üpjün eder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector