BILIM

Türkiýede okanlaryň diplomyny ykrar etmek işine üýtgeşme girizildi

Mundan beýläk Türkiýe Respublikasynda okaýan türkmenistanly talyplar hünär bilim edaralaryny tamamlansoň, resminamasyny Türkmenistanda ykrar etdirmezden ozal, Türkiýe Respublikasynyň degişli döwlet edaralarynda kanunlaşdyrmaly bolarlar.

Bu barada ORIENT Türkmenistanyň Bilim ministrligine salgylanyp habar berdi.

Has takygy, Türkmenistanyň raýatlary okuw resminamalaryny Türkiýe Respublikasynyň Milli bilim ministrliginiň Ýokary okuw we daşary ýurtlar boýunça bilim müdirliginiň ýokary okuw bölüminde hem-de Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde tassyklatmaly.

Türkmenistanda “Academic Ranking of World Universities” we “QS World University Rankings” ýaly halkara bilim reýtinglerindäki ýokary okuw mekdeplerini tamamlan uçurymlaryň diplomlary tassyklanýar. Şeýlelikde, bu sanawlarda orun alan Türkiýäniň 60 töweregi ýokary okuw mekdeplerinde türkmenistanlylar bilim alyp bilerler.

Häzirki wagtda Türkiýede türkmenistanlylaryň 15 müňe golaýy bilim alýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: