Sungata ganat baglan
Bütin ömrüni we kalbyny türkmen aýdym-saz sungatyna siňdiren ajaýyp, özboluşly şahsyýetler köpdür. Olaryň biri-de tanymal žurnalist we sazşynas Ýuliýa Jumaýewa. Ol sungat ýolunyň yklymlaryndan yhlasly geçip, şu ýyl özüniň 60 ýaşyny belleýär. Ý.Jumaýewa halkara internet saýtlarynda we döwürleýin çap edilýän neşirlerde çeper publisistik makalalaryň 100-e golaýynyň, kitaplaryň, okuw gollanmalaryň awtorydyr. Ondan başga-da «Berkarar döwletiň batly gadamlary», «Türkmen ylmy halkara gatnaşyklar ýolunda» ýaly žurnallarda onuň birnäçe ylmy makalalary çap edildi.
Ýuliýa Jumaýewa professional saz bilimini Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep internatynda alyp, «Sazyň taryhy we nazaryýeti» bölümini tamamlaýar. Ol fortepiano synpynda ajaýyp mugallym Alina Aýmuradowada (M.Aşrafi adyndaky Daşkent döwlet konserwatoriýasynyň uçurumy) okaýar. Okan ýyllarynda birnäçe saz bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýar.
Ýokary professional saz bilimini Türkmen döwlet mugallymçylyk sungat institutynda «sazşynaslyk we kompozisiýa» fakultetinde dowam edýär. Döredijiliginiň kämilleşmeginde mugallymlary — sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Ziwar Guseýinowa (garmoniýa), Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Weli Muhadow (orkestr partiturasyny okamak, gurallama), Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Rejep Allaýarow (polifoniýa), saz öwreniş ylymlarynyň kandidaty Lýubow Nowikowa (daşary ýurt saz edebiýaty) ähmiýetli orny eýeleýärler. 1986-nji ýylda Ýuliýa Jumaýewa TDMSI-ny üstünlikli tamamlaýar. Onuň diplom işi «Türkmen kompozitorlarynyň çagalar we ýetginjekler üçin döredijiligi» (ylmy ýolbaşçy: saz öwreniş ylymlarynyň kandidaty Nailýa Abubakirowa). 1986-njy ýylyň awgust aýyndan başlap Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde «Sazyň taryhy we nazaryýeti» bölüminiň mugallymy hökmünde işe gadam basýar.
1986 — 1993-nji ýyllar aralygynda «Чарджевская правда» gazetiniň, 2005 — 2020-nji ýyllar aralygynda bolsa «Возрoждение» žurnalynyň ştatdan daşary habarçysy bolup işleýär. 2008-nji ýylda Gyrgyzystanda dünýä meşhur edebiýatçy Çingiz Aýtmatowa bagyşlanyp ýazylan kitapda Ý.Jumaýewanyň «Ruhy gözellik bilen birleşýär» atly makalasy üç dilde (rus, iňlis, gyrgyz) çap edilen.
Ol uly yhlas we joşgun bilen Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda saz nazaryýet sapaklaryny okadýar (2009 — 2010). Çagalar we ýetginjekler üçin birnäçe döredijilik konsert leksiýalarynyň guramaçysy hem-de yzygiderli geçirilýän saz bäsleşikleriniň emin agzasy bolup gatnaşýar.
Ýuliýa Jumaýewa öz professional saz bilimini kämilleşdirmek maksady bilen Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň sazşynaslyk hünäri boýunça aspirantura okuwa girýär. Onuň dissertasiýasynyň temasy «Kompozitor Jeren Gurbangylyjowa. Şahsyýeti we döredijiligi». Bu ylmy iş ilkinji zenan kompozitory Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Jeren Gurbangylyjowanyň ömri we döredijiligine bagyşlanýar.
2011-nji ýylda Türkmenistanyň ylymlar Akademiýasynyň teklibi boýunça «Jeren Gurbangylyjowa — ilkinji Türkmen zenan kompozitory» atly kitaby çap edilýär.
2015-nji ýylyň iyunynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň döredileniniň 40 ýyllygy mynasybetli «Sungata bagyşlanan ömürler» atly kitaby çap edilýär. Bu kitap üçin awtor Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Hormat hatyna» mynasyp bolýar.
Ýuliýa Jumaýewa ýurdumyzda geçirilýän köp sanly edebiýat bäsleşikleriniň ýeňijisidir. Şol bir wagtda ýaňy-ýakynda, 2023-nji ýylyň fewralynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» atly milli edebiýat bäsleşigine türkmen halkynyň medeni mirasyny çeperçilikli beýan edýän: «Муза любви и вдохновения», «Культура туркменского народа-вечно живое наследие», «Чарующая мелодия дутара», «Волшебная магия творческого мастерства туркменских женщин» atly makalalary bilen ýeňiji boldy (I orun).
2023-nji ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Kärdeşler arkalaşygynyň bilelikde «Ganatly bedewler — biziň milli buýsanjymyz» atly iň gowy çeperçilik makala ýazmaklyk boýunça edebiýat bäsleşigi yglan edildi. Bäsleşigiň dalaşgäri Ý.Jumaýewa «Ganatly bedewler – türkmen sungatynda» atly makalasynda ahalteke bedewiniň türkmen sungatynda keşbiniň janlandyrylyşyny, ajaýyp gözelligini we ýyndamlylygyny wasp edip, baýraga mynasyp bolýar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkezinde (ylmy-usulyýet neşirleri) Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan çap edilen okuw maksatnamalary, okuw gollanmalary we kitaplary mugallymlar we talyplar tarapyndan giňden peýdalanylýar.
Häzirki wagtda Ýuliýa Jumaýewanyň «Festival of arts “Sounds of Dutar”, «Jeýhun.news», «Orient.tm», «Turkmenportal.com», «Infoabad.com» inernet saýtlarynda we «Нейтральный Туркменистан», “Türkmen gündogary” gazetlerinde hem-de “Мedeniýet”, “Diýar”, “Zenan kalby” žurnallarynda makalalary yzygiderli çap edilip, olar bilen işjeň we öndürijilikli işleşýär.
Ine 37 ýyldan bäri ýokary derejeli, tejribeli halypa mugallym Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde mugallymçylyk käri bilen zehinli talyp ýaşlara yhlasyny siňdirip aýdym-saz sungatynyň inçe tilsimlerini öwredýär.
2023-nji ýyl — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýaş nesilleriň ylymly bilimli bolmagyna üns berilýän we ýaşlara bildirilýän uly ynamyň döwrüdir. Türkmenistanyň meşhur medeniýet we sungat işgärleri hem bu işe özüniň möhüm goşandyny goşmaga synanyşýarlar. Ý. Jumaýewanyň ussat terbiýeçi we halypadygyny onuň ýetişdiren okuwçylary subut edýär.
Häzirki wagtda Ý.Jumaýewanyň şägirtleriniň köpüsi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda bilim alýarlar, galan ençemeleri dünýäniň dürli künjeklerinde we ýurdumyzyň etraplarynda zähmet çekýärler. Olaryň arasynda: zehinli kompozitor, pianinoçy Maral Ýagşyýewa (Russiýanyň, Awstriýanyň, Çehýanyň, Özbekistanyň halkara häzirki zaman saz festiwallaryna gatnaşan), «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi, kompozitor Jemal Reýimowa; Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýaş hem-de geljegine uly ynam bildirilýän talyplary Ogulbeg Ýegenowa, Gözel Nurmamedowa, Ahmet Jumakulyýew we başgalar.
Köňül beren kärinde zähmet çekýän Ýuliýa Jumaýewa bütin döredijilik durmuşyny türkmen milli medeniýetini wagyz etmeklige bagyşlaýar. Ol ýurdumyzyň ýagty özboluşly durmuşyny şöhlelendirýän döwürleýin metbugatlarynyň we internet saýtlarynyň sahypalarynda meşhur suratkeşleriň, ýazyjylaryň, şahyrlaryň, režissýorlaryň, aýdymçylaryň we kompozitorlaryň unikal döredijiligi barada gürrüň berýär.
Onuň çeper edebiýata bolan gyzyklanmasy köptaraply bolup, dürli žanrlary öz içine alýar: ertekiler, rowaýatlar, hekaýatlar, oçerkler. Makalalarynyň esasy gahrymanlary bolsa Türkmenistanyň halk artistleri, kompozitorlar Weli Muhadow, Aşyr Kulyýew, Rejep Rejebow, Çary Nurymow, Daňatar Hydyrow, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri, kompozitorlar Suhan Tüýliýew, Batyr Soltanow; suratkeşler Myrat Baltaýew, Alymjan Işankulyýew; aýdymçy Atageldi Garýagdyýew, bagşy Orazmyrat Annanepesow, aýal – bagşy Şemşat Hojaýewa, ýazyjy Muhammetnur Gurbangylyjow; biziň döwürdeşlerimiz – skripkaçy Bahram Dolyýew; kompozitorlar – Wera Abaýewa, Meret Annamyradow, Mamed Guseýinow; konsertmeýster Stella Faramazowa we başgalar.
Ýörite sungat mekdebinde okan ýyllarym nazaryýet derslerinden maňa ýokary derejede bilim beren halypam, mähriban mugallymym Ýuliýa Jumaýewa ýubileý ýaşynyň öň ýanynda işlerinde üstünlikleriň ýaran bolmagyny, döredijilik ylhamynyň mundan beýläk hem rowaç almagyny arzuw edýärin!
Aziza Seýitkulyýewa,
Lebap welaýat ýörite sungat
mekdebiniň mugallymy.