BILIM

Kerkili okuwçylar temmäkiniň zyýany barada düzme ýazdylar

Kerki etrabyndaky ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebiň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Temmäkä garşy göreş» atly temada düzme ýazmak boýunça bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap geňeşiniň etrap bilim bölümi bilen billikde geçiren çäresine 10-njy we 11-nji synp okuwçylary gatnaşdylar.

Mekdep okuwçylary ýazan düzmelerinde temmäini ynsan saglygyna edýän zyýanyny açyp görkezdiler. Emin agzalary okuwçylaryň öz pikirlerini ynandyryjy beýan edişlerine, düzmeleriň çeperçiligine we ýazuwda gramatikanyň kadalaryň berjaý edilişine üns berdiler. Netijede 11-nji «Ç» syn okuwçysy Merdan Arslanowyň işi iň gowusy diýlip yglan edildi. 11-nji «A» synp okuwçysy Nepes Mömünow ikinji, 11-nji «B» synp okuwçysy Jennet Şirowa bolsa üçünji oryny eýeledi.

Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap geňeşiniň Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: