Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNISEF-iň durmuş syýasaty bölüminiň hünärmeni Aýsenem Agabaýewa Suhanowna we Özbegistan Respublikasynyň durmuş işi boýunça esasy hünärmeni Diana Isaýewanyň guramagynda üç günlük okuw sapagy geçirildi.
Oňa institutyň professor-mugallymlary, Aşgabat şäheriniň durmuş taýdan hyzmat edýän edarasynyň we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň durmuş üpjünçilik müdirliginiň hem-de gartaşan adamlara we maýyplygy bolan adamlara durmuş taýdan hyzmat edýän edarasynyň hünärmenleri gatnaşdy.
Okuw sapagy iki sessiýadan ybarat boldy. Sapagyň dowamynda talyplaryň gatnaşmagynda dürli görnüşdäki tejribe bölümleri amala aşyryldy.

