YKDYSADYÝET

«Tebigy ekin» daýhan hojalygynda sarymsak ekişinde täze tehnika ulanyldy

«Tebigy ekin» daýhan hojalygy tamamlanyp barýan sarymsak ekişinde Eýran Yslam Respublikasynyň «Sabz Daşt» kompaniýasynyň ýöriteleşdirilen ekiji tehnikasyndan peýdalandy. Munuň özi welaýatymyzda şeýle tehnika boýunça sarymsak ekişiniň ilkinji nusgalarynyň biridir, diýip «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Ilkinji önümçiligini ýeralma ekmäge we ýygmaga ýöriteleşdiren «Sabz Daşt»  kompaniýasy häzirki wagtda sogandyr sarymsak, ot-iýmlik ekinleriň dürli görnüşleri üçin niýetlenilen tehnikalary öndürip, dünýä döwletlerine eksport edýär. Täze enjam birbada dört hatarda ekiş geçirmäge mümkinçilik bermek bilen, ol işleriň aglaba bölegini awtomatlaşdyrylan görnüşde amala aşyrýar.

«Tebigy ekin» daýhan hojalygynda şu ýyl 30 gektar meýdana sarymsak ekmek meýilleşdirilip, häzirki wagtda ekişiň agramly bölegi tamamlandy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: