DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Halkara kosmos stansiýasynda burç gögerdi

ABŞ-nyň astronawtlary ilkinji gezek Halkara kosmos stansiýasynda 12-nji iýulda başlanan synaglaryň çäklerinde burçuň gögermegini gazandylar. Bu barada ABŞ-nyň Jon Kennedi adyndaky Kosmos merkeziniň aeronawtika we älem giňişligini öwrenmek boýunda Milli dolandyrmasyna (NASA) salgylanmak bilen, «ТАСС» ýazýar.

Mikrograwitasiýa şertlerine ekiniň miwesiniň ösüşi çäklendirilen. NASA-nyň alymlary ýerde ösdürilenine garanda, Halkara kosmos stansiýasynda ýetişdirilen miwe az ähmiýetli boldy diýip belleýärler.

Tozanlandyrylan gülleriň hemmesiniň miwe bermedigi hem bellenilýär. Amerikaly astronawtlar ondan iki gezek hasyl ýygmagy göz öňünde tutýarlar. Birinjisini synagyň başlanyndan 100 günden soň oktýabryň ahyrynda ýygnamagy, ikinjisini bolsa 120 gün geçeninden soň noýabryň başynda ýygnamagy meýilleşdirýärler. Taýýar bolanyndan soň burçuň bir bölegini iýmit hökmünde ulanarlar, bri bölegini barlag geçirmek üçin Ýere ibererler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: